30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň 100-e golaý ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahata Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi. Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny bellediler. Şunda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, şeýle hem german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen Forumynyň orny aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz himiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, dokma pudagy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan «Basf», «Man», «Doýçe Ban» we «Tissenkrup» ýaly german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi, şeýle hem «Simens», «Knauf» kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, «Ýaşyl ykdysadyýet», energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi. Maliýe ulgamynda ýurdumyz «Doýçe Bank», «Kommersbank» we «Doýçe Bundesbank» ýaly german banklary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany suratda «Siemensiň» turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk kaliý mineral dökünini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde belli german «Tissen Şahbau» Thyssen Schachtbau GmbH) we «Şahbau Nordhauzen» (Schachtbau Nordhausen GmbH) kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa «Basfyň» tejribesini ulanmaga Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň köpüsinde german önümçiliginiň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň ähmiýeti bellenildi. Bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlaryndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge hemişe uly gyzyklanmanyň bolandygy bellenildi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Gýote instituty, «Doýçer Akademişer Austauşdinst» «Şulen: Partner der Tsukunft» we «Pedagogişer Austauşdinst» maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy beýan edildi. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda Gurbanguly Berdimuhamedow «Margiananyň» bürünç asyra degişli gadymy gymmatlyklarynyň arheologik sergisiniň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini teklip etdi. Birinji gezek sergi 2018–2019-njy ýyllarda Germaniýada üstünlikli geçirildi. 2024-nji ýylda Aşgabatda Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, munuň Germaniýa we onuň medeniýetine goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.