ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Sara adamsy aradan çykandan soň, saglygy barada aladalanyp, maşk bilen meşgullanyp başlapdyr. Oňa şahsy tälimçisi Wins ýardam edipdir, olar ýönekeý maşklar bilen başlapdyrlar. Birnäçe wagtdan soň, Blekman planka ýagdaýynda dört minutdan gowrak saklanmagy başarypdyr. Tälimçi Wins Sara bilen degşip, oňa garaşanyndan has güýçlüdigini aýdypdyr we olar dört minut ýigrimi sekuntlyk rekorddan geçmegi maksat edinipdirler. Winsiň ýolbaşçylygynda Sara usulyny kämilleşdirdi we plankadaky wagtyny kem-kemden artdyrdy. Sara düzgün-nyzama we içerki motiwasiýasyna daýanyp, tas her gün diýen ýaly maşk edipdir. Ol wagty yzarlamak üçin, Laýonel Riçiniň, takmynan, 4 minut 40 sekuntlyk «Endless Love» (Soňsuz söýgi) aýdymyny diňläpdir.