CoinShares-iň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegi boýunça hasabatyna görä, bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär. Munuň sebäbi, her blok üçin baýragyň 3,125 bitkoine (BTC) çenli azalmagy, tordaky kynçylygyň artmagy, elektrik energiýasynyň gymmatlamagy we güýçli enjamlara zerurlygyň döremegi bilen baglanyşykly diýip, «PCWorld» neşiri habar berýär. ABŞ-da bir bitkoini gazyp almagyň çykdajysy 47% ýokarlanyp, 82 müň 162 dollara ýetdi. Enjamyň tiz ulanyşdan galmagy (amortizasiýasy) ýaly goşmaça harajatlary hem göz öňünde tutsaň, bu görkeziji 137 müň dollara çenli ýetýär. Germaniýada elektrik energiýasynyň has gymmatdygy sebäpli, bu çykdajy tas 200 müň dollara ýetýär. Şol sebäpden hem, bu ýurtlaryň ikisinde hem bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär. Bahasynyň 95 müň dollar töweregindedigine garamazdan, bu ýagdaý ownuk maýnerleri (gazyp alyjylary) bazardan çykmaga mejbur edýär. Olaryň ýerine bolsa, arzan energiýa we täze tehnologiýalara elýeterliligi bolan uly kompaniýalar geçýär. CoinShares-iň analitikleriniň pikirine görä, bu ýagdaý bitkoiniň desentralizasiýasyna (merkezi dällik häsiýetine) howp salýar. Gazyp alyş güýji az sanly uly oýunçynyň eline geçýär, bu bolsa toruň durnuklylygyny pese gaçyrýar.