Iki sany syýahatçy Çehiýanyň Dwur-Kralowe-nad-Labem şäheriniň golaýyndaky tokaýda 598 sany altyn teňňäni, şaý-sepleri, portsigary we inçe simden ýasalan torbany öz içine alýan hazyna tapdy diýip, «Prague Morning» neşiri habar berýär. Hazynanyň umumy agramy – 7 kg, altyn teňňeleriň agramy bolsa 3,7 kg. Hazynanyň bahasy, takmynan, 7,5 mln çeh kronasyndan (tas 340 müň dollardan) gowrak bolmaly diýip çaklanylýar. Bu hazyna 1921-nji ýylda ýa-da ondan öň gizlenen bolmaly. Numizmat Woýteh Bradleniň sözlerine görä, tapylan teňňeleriň köpüsi 1808-1915-nji ýyllar aralygynda zikgelenipdir. Käbirleriniň üstünde, ähtimal, 1920-nji ýyllarda, öňki Ýugoslawiýada goşulan kiçijik bellikler bar. Bu bellikler teňňeleriň Birinji jahan urşundan soň gaýtadan dolanyşyga goýberilendigini görkezýär.