Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär. Sanjym 18 ýaşdan 45 ýaşa çenli bolan 400 meýletinçide synag ediler. Gatnaşyjylara üç gezek sanjym edilmegi mümkin, gözegçilik toparyna bolsa diňe plasebo berler. Häzirki wagtda synaglaryň netijesi barada maglumat ýok. Sanofi kompaniýasynyň meýilnamasyna görä, barlaglar 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Bu sanjym mRNA esasly serişdeleriň hataryna girýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, sanjym düwürtikleriň ösüşine gatnaşýan käbir beloklara garşy bedeniň immun jogabyny herekete getirer. Emma serişdäniň takyk işleýiş mehanizmi baradaky jikme-jik maglumatlar entek aýan edilmedi. «Live Science» neşiriniň bellemegine görä, sanjymyň işlenip düzülmeginden başlap, kliniki ulanyşa girýänçä, takmynan, 10 ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Hatda synaglaryň netijeleri oňyn bolsa-da, öňümizde serişdeleriň howpsuzlygyny we täsirini doly barlamak üçin birnäçe tapgyrlyk barlaglar bar. Sanofi-den başga hem düwürtiklere garşy sanjym işläp düzýän gözleg toparlary bar, emma fransuz kompaniýasy giň gerimli kliniki synaglara başlan ilkinji kompaniýa boldy.