Hytaýyň Týanszin şäherinde 597 metrlik Goldin Finans 117 binasynyň gurluşygy 10 ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlanýar. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanmak meýilleşdirilýär. Doly gurlup gutarylmadyk bina 2015-nji ýyldan bäri boş ýatyr. Gurluşyk gazna bazarynyň çökmegi we ýapylmak tapgyrynda durýan jaý gurujynyň kynçylyklary bilen bagly doňdurylypdy. Diňiň gurluşygy 2008-nji ýylda başlanypdy. Taslamada ofisler, myhmanhana we syn ediş meýdançasy göz öňünde tutulan. Bina seýsmiki taýdan durnukly bolmagy göz öňünde tutulyp, “mega sütünli” we hasa görnüşindäki gurluşly guruldy. Ýokarky bölegi howuzly romb şekilli atrium bilen bezelipdir. Hökümet gurluşyga täzeden rugsat berdi diýip, CNN habar berýär. Rugsatda şertnamanyň bahasy, takmynan, 569 million ýuana (takmynan, 72 million dollar) diýip görkezilýär. Şeýle-de bolsa, binany ulanmak boýunça asylky meýilnamanyň durmuşa geçiriljegi-geçirilmejegi entek belli däl. Reuters habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Hytaýda ýene bir möhüm taslama - 468 metr beýiklikdäki Chengdu Greenland Tower-iň gurluşygy täzeden janlandy. Onuň gurluşygy döwlet jaý gurujysynyň maliýe kynçylyklary sebäpli 2023-nji ýylda togtadylypdy. Dýuka uniwersitetiniň professory Sýao Şitun munuň tötänlik däldigine ynanýar. "Milli hökümet gozgalmaýan emläk bazaryny durnuklaşdyrmak isleýändigini aç-açan mälim etdi. Bu bazara edilen yşaratdyr, munda diňe bir gökdirän binalaryň gürrüňi gitmeýär" -diýip, ol belleýär. Beýik binalar we şäher ýaşaýyş gurşawy geňeşiniň maglumatyna görä, geçen ýyl dünýäde gurluşygy tamamlanan 200 metrlik ýa-da ondanam beýik 133 binanyň 91-si Hytaýda ýerleşýär.