A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy. Film 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda dünýä derejesinde görkeziler. Film UFC-niň iki gezek çempiony, MMA-nyň häzirki söweşijisi Mark Kerriň terjimehalyna esaslanýar. Ol 1997–2009-njy ýyllar aralygynda bäsleşdi we UFC-niň, Pride-yň, IFL-iň, Cage Rage-iň we M-1 Global-yň ýaryşlaryna gatnaşdy. Şeýle hem filmde türgeniň karýerasynyň soňlanmagyna sebäp bolan agyryny aýryjy serişdelere garaşlylyk bilen göreşişi barada gürrüň berler. Mark Kerriň keşbini Dueýn Jonson ýerine ýetirdi. Onuň aýalynyň keşbinde Emili Blant oýnady. Şeýle hem filmde garyşyk söweş sungatynyň birnäçe meşhur söweşijileri çykyş etdi. Aleksandr Usik üçin bu film ilkinji aktýorlyk çykyşyna öwrüldi. Ol öz watandaşy, kikboksçy we MMA-nyň söweşijisi Igor Wowçançiniň keşbini ýerine ýetirdi. “Ýumurýan maşyna” “Gyraňlanmadyk almazlar” (“Неограненные алмазы”) we “Gowy döwür” (“Хорошее время”) filmleri bilen tanalýan Benni Safdi režissýorlyk etdi. Bu onuň dogany Joş gatyşmazdan ýerine ýetiren ilkinji özbaşdak režissýorlyk işidir. 2002-nji ýylda HBO teleýaýlymy Kerr hakda adybir dokumental filmi çykarypdy. Oňa şol ýyllaryň tanymal söweşijileri gatnaşypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir