29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy. Biomass – Ýeri uzak aralykdan barlamaklyga niýetlenen hemra. Onuň esasy wezipesi tokaý biomassasynyň göwrümini ölçemekden ybaratdyr. Bu alymlara tokaýlaryň näçeräk kömürturşy gazyny özüne siňdirýändigini we saklaýandygyny takyk kesgitlemäge kömek eder. Şeýle hem bu emeli hemra çölleriň ýerasty geologiýasyny we Antarktidada hem-de Grenlandiýada buz örtükleriniň gurluşyny öwrenmek üçin ulanylar. Bu 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda soňky gezek uçan Vega raketasynyň ornuna gelen Vega-C raketasynyň dördünji missiýasydyr. Vega-C gowulandyrylan häsiýetnamasy bilen tapawutlanýar we pes orbita 2,3 tonna çenli peýdaly ýüki çykarmaga ukyply. Raketanyň beýikligi 35 metr. Birinji basgançagy P120C hereketlendirijisi, ikinji we üçünji basgançaklary Zefiro 40 we Zefiro 9 gaty ýangyç hereketlendirijileri bilen üpjün edilen. Dördünji basgançagyna suwuk gurluşly RD-843 oturdylan. Vega-C-iň ilkinji uçurylyşy 2022-nji ýylyň iýul aýynda amala aşyrylypdy. Ikinjisi 2022-nji ýylyň dekabrynda ikinji basgançagyndaky hereketlendirijiniň näsazlygy sebäpli şowsuzlyk bilen tamamlandy. Şonda raketa bilen birlikde peýdaly ýüki: Pléiades Neo 5 we Pléiades Neo 6 hemralary hem ýitdi. Şeýle heläkçiligiň gaýtalanmazlygy üçin, inženerler Vega-C-iň ikinji basgançagynyň gurluşyna üýtgeşmeler girizdiler, ýöne gaýtadan gözden geçirip, üstüni ýetirmeklik iki ýyla golaý wagt aldy. Döwrebaplaşdyrylandan soň, raketa 2024-nji ýylyň dekabrynda üstünlikli uçuryldy. Şonda göteriji raketa Gün-sinhron orbitasyna Ýeri uzak aralykdan barlaýjy Sentinel-1C hemrasyny çykardy.