29-njy aprеlde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär. Ž.Buzu türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bilen Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek gutlap, türkmen sirk sungatynyň ýeten ýokary derejesini belledi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Žoel Buzu ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady. Myhman Gahryman Arkadagymyzyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi hem-de saparlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.