Braziliýada ylma mälim bolan dowzah garynjasynyň (bu hili atlandyrma gadymy grek mifologiýasyndan gözbaş alýar) iň gadymysy tapyldy. Onuň ýaşy 113 million ýyl hasaplanýar diýip, Current Biology žurnaly habar berýär. Bu garynjalar şeýle aýylganç lakamymy öňe uzap gidýän, çalgyny ýatladýan uly mandibullary sebäpli berlipdir. Garynjalar olaryň kömegi bilen awlaryny sanjyp alan ýa-da öldüren bolsalar gerek. Mundan başga-da, olaryň kellesinde, iki gözüniň arasynda şaha meňzeş ýiti ösüntgileri bolupdyr. Ozal bu hili garynjalaryň galyndylary diňe Fransiýada we Mýanmada hek döwrüniň ahyryna degişli ýantardan tapyldy. Täze nusga San-Paulu uniwersitetiniň Zoologiýa muzeýiniň galyndylar ýygyndysyndaky hek plitasyndan tapyldy. Plita Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Krato formasiýasyndan alnan, bu formasiýa özünde gowy saklanyp galan galyndylary bilen tanalýar. Tapylan mör-möjek - uzynlygy 13,5 millimetr bolan ganatly ene garynja. Täze görnüşe Vulcanidris cratensis diýip at berildi. Ol beýleki mälim bolan gadymy garynjalardan 10 million ýyl gowrak uly bolup çykdy. Alymlaryň pikirine görä, Vulcanidris cratensis tapylmagy garynjalaryň biologiýasy we ýerleşişi baradaky düşünjelerimizi üýtgedýär. Dowzah garynjalarynyň Braziliýada eýýäm irki hek döwürde bolandygy garynjalaryň ewolýusiýasynyň başlangyç döwründe giň ýaýrandygyna we olaryň köp dürli bolandygyna şaýatlyk edip biler.