Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler. Auksion 20-nji maýda Mançesterdäki Peaky Blinders barynda onlaýn geçer. Harydyň bahasynyň 1000 – 2000 funt sterling bolmagyna garaşylýar. Satyljak haryt toplumyna Mançesteriň Williams & Gill ussahanasy tarapyndan tikilen köýnek, aktýoryň serialyň düşürilişinde ýazan haty we bellikli on sahypalyk depderçe girýär. Auksiondan alnan ähli serişdeler onkologiýa kesellilere kömek edýän we The Christie NHS Foundation Trust-da ylmy gözlegleri goldaýan Mançesterdäki The Christie Charity merkezine berler. Mýorfiniň eşiginden başga-da, auksionda serialdan beýleki predmetler hödürlener: Polli Greýiň paltosy we köýnegi, Oswald Mosliniň şlýapasy we gahrymanlaryň, şol sanda Şelbi maşgalasynyň aýakgaplary. “Kesgir gaşlar” serialy 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda çykaryldy, ol jemi alty möwsümden ybarat. Häzirki wagtda serialy dörediji Stiwen Naýt onuň dowamy boljak filmiň üstünde işleýär. Onuň wakalary 1900-nji ýylda Birmingemde ýaýbaňlanar. Killian Mýorfi Tommi Şelbiniň roluna gaýdyp geler. Aktýorlar düzümine Stiwen Grem, Tim Rot, Rebekka Fergýuson, Barri Keogan, Sofi Randl, Ned Dennehi, Paki Li we Ien Pek girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir