ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar. Ylmy gözlegçiler adamyň hem-de doňzuň öýjüklerini birleşdirdi. Adamlardan dentini we pulpany emele getirýän mezenhimal öýjükler, doňuzlardan bolsa syrça jogap berýän epitelial öýjükler alyndy. Doňuz öýjükleri, adatça, mal soýlandan soň zyňylýan diş düwünçeklerinden alyndy. “Adamyň epitelial öýjükleri dişiň giçki ösüş döwründe elýeterli bolmaýar, şonuň üçin biz doňzuň öýjüklerini ulandyk. Bu haýwanlarda birnäçe diş toplumy ösýär, bu hem olary tüýs laýyk gelýän donora öwürýär” – diýip, alymlar belleýär. Öýjükler bioinženeriýa karkasyna ýerleşdirildi we doňuzlaryň äňine oturdyldy. Üç aýyň içinde dişler tebigy ýaly ösdi, ýöne olar diş etini ýaryp çykmady. Gurluşy we ösüş tizligi boýunça olar adamyňka ýakyn boldy. Ylmy gözlegiň maksady hassanyň öýjüklerinden diş ösdürmegi öwrenmekden ybarat. Alymlar uzak möhletleýin netijeleri öwrenmegi we usuly adamlar üçin uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýär. “Häzirlikçe öz dişiňi mümkin boldugyndan uzak saklamak gerek. Eger olaryň ýitgisi gutulgysyz bolsa, biologiki implantlar olaryň ornuny tutup biler” – diýip, awtorlar belleýär. Tehnologiýa stomatologiýada rewolýusiýany wada berýär: protezleriň deregine hassalar dikelmäge ukyply “janly” dişlere eýe bolup biler. Ýöne kliniki synaglaryň heniz uzakdadygyny bellemek gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir