Britaniýaly daýwer Birinji jahan urşy döwrüniň suwa gark bolan gämisini 300 funt sterlinge (399 dollar) satyn aldy. Ol gäminiň satylýandygy baradaky bildirişi ýanwar aýynda sosial ulgamlarda gördi diýip, The Telegraph ýazýar. 53 ýaşly Dom Robinson häzirki wagtda Kornuoll graflygynyň kenaryndaky La-Manşyň düýbünde ýatan SS Almond Branch ýük gämisini satyn aldy. Gämi 1917-nji ýylyň noýabryndan, ýagny nemes suwasty gämisi ony suwa gark edeninden bäri suwda ýatyr. Daýwer eýýäm bu töwereklerde suwa çümüp gördi, şonuň üçin şertnamadan soň näme aljakdygyny bilýärdi. Ol hökümetden ony SS Almond Branch-yň kanuny eýesidigini tassyklaýan haty aldy. “Şeýle gämileriň satyn alynmagy 20 ýyl ozal gadagan edilipdi, ýöne men şeýle hukugy almagy arzuw etdim. Elbetde, bu poslan demir üýşmegi, ýöne indi bu meniň demir üýşmegim” – diýip, Robinson belleýär. Bu gämide hiç zat saklanyp galmandyr. Şeýle-de bolsa, daýwer öz eýeçiligiňe geçen gämä tarap çümmegiň üýtgeşik duýgulary döredýändigini belleýär.