25-26-njy aprelde Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, taraplar öňde boljak sammitiň çäklerinde gol çekiljek resminamalara ser saldylar. Formatyň çäklerinde syýasy dialogy ösdürmek, hemmetaraplaýyn bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, ulag aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle-de durnukly ösüş we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi. “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri boýunça Maglumat beýanaty kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir