Mett Trewelýan seýrek guş görnüşi bolan uly ýylkyçynyň ýitip barýandygyna ünsi çekmek üçin onuň eşiginde 85 km ýoly pyýada geçdi. Bu guş 2015-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň Gyzyl kitabyna girýär diýip, Independent we New York Post habar berýär. Trewelýan – Demirgazyk Ýorkşirdäki Nidderdeýl milli seýilgähiniň işgäri we gurjak ýasamak boýunça öňki ussat. Ol üç metr uzynlykda bolan guş eşigini özbaşdak döretdi. Munuň üçin oňa bambuk, mata, penoplast we üç gün gerek boldy. “Uly ýylkyçy – meniň gowy görýän guşum we Beýik Britaniýada olaryň sanynyň düýpgöter azalýandygyny görmek meni gynandyrýar. Olaryň täsin owazy bar – ol kalbyňa täsir edýär. Bu ýörişiň dowamynda ony eşitmek ýakymly boldy” – diýip, ol belledi. Ol pyýada ýörişine 19-njy aprelde Pateli Brijde başlady we ony 20-nji aprelde, Bütindünýä ýylkyçy gününde Bremhem-Roks gaýalarynda tamamlady. Ol günde 12 sagat arakesmesiz ýöredi. Ýylkyçy güni 2017-nji ýylda ýazyjy Meri Koluell tarapyndan döredildi, ol bu guşlaryň sanynyň azalmagyna ünsi çekmek isledi. Olaryň ýitip gitmegine birnäçe faktorlar, şol sanda ýaşaýyş ýerleriniň ýok bolmagy, klimatyň üýtgemegi we ýyrtyjylar öz täsirini ýetirýär. Nidderdeýlde häzirem uly ýylkyçylar ýaşaýar, ýöne soňky 20 ýylda olaryň sany iki esse – 58 müňe çenli azaldy. “Olar şol bir meýdanlara dolanyp gelýär, ýöne mäjum taýýarlamak üçin maşynlar olaryň höwürtgelerini ýok edip bilýär. Şeýle-de, bu guşlary tilkiler we gargalar awlaýar” – diýip, Trewelýan belledi. Ol bu aksiýanyň adamlary tebigaty goramaga ruhlandyrjakdygyna umyt bildirýär.