NASA-nyň Mars missiýasyny dolandyrýan topary Curiosity Mars roweriniň hereket edip barýan wagty ilkinji gezek orbitadan düşürilen suratyny paýlaşdy. Surat 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda düşürilipdir, şol wagt rower Gyzyl planetanyň üstünde ylmy işleri geçirmek üçin täze bir ýere tarap ýola çykyp barýan eken. Curiosity-niň hereket tizligi ýeriň şekiline we topragyň gurluşyna baglylykda üýtgeýär. Suratyň düşürilen mahaly berlen maglumatlara görä, rower minutda 2,6 metr tizlikde hereket edipdir. Suratda görünýän yzlaryň umumy uzynlygy, takmynan, 320 metre ýetýär. Bu aralygy Curiosity 2-nji fewraldan bäri, 11 gezeklik ýörişde geçipdir. NASA-nyň inženerleri her tapgyry öňünden jikme-jik meýilleşdirýärler, soň bolsa rower programmalaýyn usulda tapgyr-tapgyr ýoluny dowam etdirýär. Orbitadan düşürilen surat NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter apparatyna ornaşdyrylan HiRISE kamerasynyň kömegi bilen düşürilipdir. Kamera, esasan, gara-ak görnüşde surat alýar, diňe ortasyndaky dar zolagy reňkli bolýar. Curiosity Mars roweri gara-ak görnüşe düşüpdir. Marsyň üstünde galan yzlar birnäçe aýlap görnüp durar, soň bolsa şemal we tozan olary ýuwaş-ýuwaşdan ýitirer. Şeýle ownuk zatlaryň, ýagny roweriň goýan yzlarynyň haçan ýitýändigini öwrenmek hem möhümdir, sebäbi bu maglumatlar bize Marsda howanyň ýagdaýyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir