Gucci modalar öýüniň satuwy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 25% peseldi. Bu barada WWD neşiri habar berdi. Bu brendi öz içine alýan Kering Holding kompaniýasy hem satuwlaryň umumy mukdarynynyň 14% peselendigini bellige aldy. Kompaniýanyň hasabatynda kaşaň harytlara bolan islegiň peselendigi görkezilýär, üstesine, ABŞ-nyň söwda paçlarynyň hem täsirini ýetirendigi aýdylýar. Bu ýagdaý Sent Laurent we Balenciaga ýaly, toparyň beýleki brendlerine-de täsir etdi. Kering-iň maliýe direktory Armel Pulu kompaniýanyň ikinji çärýekde girdejiniň ýene azalmagyna garaşýandygyny aýtdy. Satuwyň peselmeginiň fonunda kompaniýa Demna Gwasaliýanyň şu ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek özüniň Gucci döredijilik konsepsiýasyny hödürlejekdigini mälim etdi. Ondan öň dizaýner Balenciaga-daky işini iýul aýynda kutýur sergisi bilen tamamlar we bu brenddäki on ýyllyk işini ahyrlar.