2025-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň guraýan şäherara awtobus ugry üçin biletleri öňünden – gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda satyn alyp bolar. Biletleri «Awtomobil ulag hyzmatynyň» resmi saýtyndan (auh.com.tm) we «Şäherara bilet» ykjam goşundysynda onlaýn görnüşde, şeýle hem Aşgabadyň halkara awtomenzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» söwda merkezinde satyn alyp bolar. Şäherara awtobus gatnawynyň tertibi we biletleri öňünden sargyt etmek baradaky goşmaça maglumatlary (+993 12) 44-35-30/31 we 44-35-20 telefon belgileri boýunça jaň edip, maglumat gullugyndan alyp bolar.