25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bu barada ‘Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy-tehnologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Wise-premýer ýurdumyzyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi. Hususan-da, şu ýylyň 20-21-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-niň Daşary işler ministrler geňeşiniň 51-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetini gatnaşdyrmak; onuň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gazanmak; 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli YHG-niň Daşary işler ministrler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde parahatçylyga bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklipler bar. Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda bu guramanyň mowzuklaýyn mejlislerini, hususan-da, ulag, energetika, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary boýunça ministrler derejesindäki maslahatlary ýurdumyzda geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek; şu ýylyň 1-2-nji iýulynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýedinji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.