22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy. “Yssyk-Kul” halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow garşy aldy diýip, gyrgyz Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, şeýle hem medeni çärelere gatnaşmak meýilleşdirilýär.