18-nji aprelde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. R.Meredow «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda abraýly halkara guramalar we dünýäniň ösen döwletleri bilen alnyp barylýan işler barada aýtdy we döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri berdi. Hususan-da, geljek ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we bu babatda deslapky taýýarlyk işlerini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi; Sergini Türkmenistanda geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, Bütindünýä «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Bu iri halkara sergiler dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.