4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça boýunça taraplar «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekilleriň bellenilmegi ylalaşdylar. Şeýle hem gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi barada ylalaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir