Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan hem-de kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Şu ýyl Hindistan Respublika gününi 76-njy gezek belläp geçdi. Baýramçylyk Hindistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we ýurduň döwlet dolandyryşynyň respublika görnüşine geçmeginiň şanyna bellenilip geçilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir