“Al-Nasryň” we Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hususy sagat hataryny çykarandygyny habar berdi. “Men hemişe öz sagat kolleksiýamyň bolmagyny arzuw edipdim. Jacob&Co, modeller Flight of CR7 we Heart of CR7 meniň meýdançadaky iň şanly pursatlarymdan ylham alýar. Olar siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýärin” – diýip, Ronaldu X sosial ulgamynda ýazdy. Flight of CR7 modelinde Ronaldunyň 2013-nji ýylda Madridiň “Realynyň” düzüminde öňki topary “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goly şekillendirilen. Iki modeliň-de üç çäkli görnüşi çykaryldy: brilliantsyz, “baget” brilliantly we tegelek brilliantly. Ronaldu 39 ýaşynda. Ol “Al-Nasryň” düzüminde 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri çykyş edýär. Onuň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Kriştianu “Altyn topuň” bäş gezek eýesi we resmi oýunlarda dünýä futbolynyň taryhynda iň gowy bombardirdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir