Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. “Siziň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly we ýokary depginlerde ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işiňiz uly hormata mynasypdyr” diýip döwlet Baştutany hatynda belledi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. “Dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen işleriňiz, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi. Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir