Günorta Koreýanyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary almazy bary-ýogy 2,5 sagadyň dowamynda ösdürip ýetişdirmegiň usulyny oýlap tapdylar diýip, Hi-Tech ýazýar. Ýeriň astyndaky aşa agyr şertlerde milliardlarça ýyllap emele gelýän tebigy almazlardan tapawutlylykda, täze usul otag basyşynda emeli almazlary sanlyja minutlarda döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin hünärmenlere henizem ýokary temperatura, takmynan 1025 dereje gerek bolsa-da, deňiz derejesiniň basyşyna deň bolan, 1 atmosferanyň basyşy bilen 150 minutda üznüksiz almaz plýonkasy emele geldi, bu ozal talap edilýän basyşdan on müňlerçe esse azdyr. Sintetik almaz köp sanly önümçilik proseslerine, elektronika we hatda kwant kompýuterlerine hem gerek, ýöne öňki çemeleşmeler boýunça olary öndürmek üçin birnäçe gün gerek we has köp basyş gerek bolýar. Eger täze tehnologiýa öz kuwwatyny durmuşa ornaşdyrsa, almaz almak prosesi has çalt we netijeli bolar. Täze usulyň syry grafit goşulyp, gazyň täsirine sezewar edilen suwuk metallaryň ýörite garyndysyny ulanmakdan ybaratdyr. Munuň netijesinde gazyň uglerod atomlary almazyň gurluşyna geçip, “hatara düzülýär”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir