28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady. Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalary daşky gurşaw bilen sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ekologik taýdan arassa ykdysadyýetiň döredilmegine gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş agaç nahallaryndan we ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgählerden ybarat gök zolaklaryň çägi yzygiderli giňeldilýär. Watanymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary emele geldi. Gerimi boýunça ägirt uly tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy umumydünýä tagallalaryna goşulýan ägirt uly goşantdyr. Soňra Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir