Ýerdäki iň gurak we jansyz çöl hökmünde tanalýan Çiliniň Atakama çölünde alymlar dört metre çenli çuňlukda ýaşaýan bakteriýalaryň gizlin ekoulgamyny tapdylar. PNAS Nexus žurnalynda neşir edilen bu gözleg zyýan ýetmedik öýjüklerden DNK çykarmagyň täze usuly arkaly mümkin boldy. Topragyň nusgalarynyň seljermesi bu gizlin dünýäniň ýokarky gatlaklarynda Firmicutes bakteriýalarynyň, 200 sm-den aşakda bolsa aktinobakteriýalaryň agdyklyk edýändigini görkezdi. Alymlar olaryň 19 müň ýyl ozal guran kölüň (plaýýa) gatlaklarynyň aşagynda ölüp galan mikroorganizmler bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Gözlegçiler bakteriýalaryň gipsi suw çeşmesi hökmünde ulanyp, aşa gurak şertlerde olara ýaşamaga mümkinçilik döredip biljekdigini çaklaýarlar. Bu çölde birnäçe onýyllykdan bir gezek ýagyş ýagýar. Atakamanyň ýerasty ekoulgamynyň tapylmagy diňe bir Ýeriň biodürlüligi baradaky düşünjämizi giňeltmek bilen çäklenmän, beýleki planetalarda, esasanam Marsda ýaşaýyşyň mümkindigi bilen bagly möhüm sowallary ör boýuna galdyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir