IXBT-niň habar bermegine görä, Ýaponiýada täze Land Cruiser 250-niň (şol bir Land Cruiser Prado 250) satuwy başlandy we olar bilen birlikde Ýaponiýanyň Jaos, Modellista we Toy Factory atelýeleriniň özgerden ilkinji toplumlary hödürlenýär. Tebigatda dynç almagy halaýanlar üçin Toy Factory kompaniýasy wnedorožnigiň ýükdanynda iki adamlyk ýatalgany ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän toplumy taýýarlady. Agaç karkasdan we dört ýassykdan ybarat toplumyň bahasy 1980 dollar. Ähli bölekler ýükdana sygýar, olardan islendik wagt aňsatlyk bilen ýatmaga ýer salyp bolýar. Jaos öňdäki bamperiň demir plastinkaly we gurnalan yşyklandyryşly gorag toplumyny (700 $) hödürledi. Mundan başga-da, kapotyň astyndaky düýbi goramak üçin poslamaýan polatdan plastinany satyn alyp bilersiňiz ($ 250). Şeýle-de, Jaos-yň özgertme toplumyna şu aşakdakylar girýär: • Tigir arkalaryny giňeldijiler (600 $) • Gara gapdal aýakgoýarlar (855 $) • Enkei-niň öndüren 18 dýuýmlyk Jaos Tribe Cross garyndy tigirleri • Yokohama Open Country palçyk şinalary • Palçykdan goraýjylaryň toplumy ($ 230) Modellista has üýtgeşik özgertme görnüşini hödürleýär, oňa şu aşakdakylar girýär: • Goşmaça yşyk (500 $) • Krylolary giňeldijiler (855 $) • Gapdal moldingler • Defender stilinde "žabralar" • Wnedorožnigiň şinalary bilen örtülen 20 dýuýmlyk garyndy tigirleriň toplumy (3115 dollar) • Yzky uly spoýler (390 $) • Yzky gapydaky gara gorag bezegi Şeýle hem, Toyota Land Cruiser 250 üçin sowadyjy, üçek tekjesi (1210 dollar), çüýşe saklaýjy we hapa üçin sebet ýaly markaly esbaplary hödürleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir