Beýik Britaniýanyň daşary işler we halkara ösüş ministri Dewid Kemeron Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparlarynyň çäklerinde ilkinji gezek Türkmenistana geler diýip, Independent britan neşiri ýazýar. Britaniýanyň Forin-ofisiniň ýolbaşçysy eýýäm Täjigistana we Gyrgyzystana baryp gördi, indi Özbegistana, Türkmenistana, Gazagystana we Mongoliýa saparlar meýilleşdirildi. Dewid Kemeron Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, howpsuzlyk we ekologiýa ulgamynda gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen bu ýurtlara sapar amala aşyrýar. Agzalyp geçilen ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada ol duşenbe güni Duşenbede Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygynda belledi. Hususan-da, britan diplomaty Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen "gatnaşyklarynyň täze eýýamyny kesgitlemegi" meýilleşdirýändigini nygtady. «Siziň ýurduňyza gelen ilkinji daşary işler ministri bolandygyma begenýärin. Munuň üçin şeýle köp wagt gerek bolandygyna welin, gynanýaryn" diýip, Kemeron Täjigistanyň Baştutany bilen duşuşygynda belledi. Duşenbede britan diplomaty şeýle hem Täjigistanyň daşary işler ministri bilen hem duşuşdy. 22-nji aprelde Kemeron Gyrgyzystana bardy. Ol ýerde Prezident Sadyr Japarow we premýer ministr Akylbek Japarow bilen gepleşikleri geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir