Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň resmi saýty habar berýär. Duşuşyk GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Moskwadaky edarasynda geçirildi. Taraplar Arkalaşygyň çäklerinde şu ýylda çäreleriň meýilnamasyny, şol sanda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir