2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda Samarkandda (Özbegistan) "Aýallaryň ykdysady, sosial we syýasy hukuklarynyň meselelerine sebitleýin çemeleşme we mümkinçilikleriň giňeldilmegi" temasy boýunça Zenanlaryň Aziýa forumy geçiriler. Bu barada "Dunyo" habarlar agentligi habar berýär. Foruma Gündogar Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Günorta Aziýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan-parlamentarileriniň, Hökümet ýolbaşçylarynyň, döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýetiniň institutlarynyň wekilleriniň, telekeçi zenanlaryň, syýasatşynaslaryň, alymlaryň we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleriniñ gatnaşmagyna garaşylýar. Forum 10 sany ugurdaş mejlisler görnüşinde geçiriler we zenanlaryň häzirkizaman ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gatnaşygynyň meselelerine garalar. Forumyň jemleri boýunça Samarkand jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir