Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlarymyzdan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň jemi jemlenilende, emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiji bedewleriň atlary yglan edildi. Olar gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir