18-nji maýdan başlap Hytaýyň «China Southern Airlines» kompaniýasy Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuş hödürlär. Täze gatnaw şenbe günleri Urumçi — Aşgabat we ýekşenbe günleri Aşgabat — Urumçi ugurlarynda amala aşyrylar. Häzirki wagtda Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Urumçiden uçuşlar sişenbe güni, Aşgabatdan uçuş bolsa çarşenbe güni ýerine ýetirilýär. Aşgabat — Urumçi uçuşy üçin ekonom klasda bir taraplaýyn awiabiletleriň bahasy 381 dollar, iki taraplaýyn awiabiletiň bahasy 612 dollardyr. Ýolagçylar ýanlary bilen 32 kg-a çenli goşlary tölegsiz alyp bilerler. Ýolagçylar «China Southern Airlines» Aşgabatdaky ofisinden awiakompaniýanyň Hytaýyň içindäki içerki gatnawlaryna hem petek satyn alyp bilerler. Kassa: Magtymguly şaýoly, 141/1 («Ak altyn» myhmanhanasy), 206-njy ofis. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 36-44-51.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir