Amerikanyň emeli aň (AI) önümlerini ösdürmäge ýöriteleşen Delphi başlangyjy adamyň sanly nusgasyny - sesi, daş sypaty we häsiýeti bilen birlikde “janly” dipfeýk döretmäge mümkinçilik berýän Clone yourself (Özüňi klonla) hyzmatyny hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär. AI-klony blog ýazyp, podkast ýazgylaryna gatnaşyp, kitaplara ses berip, ýaýlymy alyp baryp we wideoçatlarda söhbetdeşlige gatnaşyp biler. AI-klonyň eýesine diňe “ekiztaýyna” iş tabşyryp, özi dynçlykdan lezzet alyp biler. Klon döretmek üçin hyzmata ses ýazgyňy, suratyňy we sosial ulgamlara baglanyşygyňy ibermeli. Klon “hojaýynynyň” sözleýiş-boluş terzini we dünýägaraýşyny nusgalaýar diýip, Delphi aýdýar. Klon döretmek bir sagada golaý wagt alýar. Synag görnüşi oňa düzediş girizip biljek müşderä iberilýär. Mugt abuna klony çäkli ulanmaga mümkinçilik berýär: aýda 50 minut (daşky görnüş) we 100 000 söz (ses). Tölegli abuna ýazylmak (aýda 99$-dan başlap) çäklendirmeleri aýyrýar we bir wagtyň özünde 5 klona çenli ulanmaga mümkinçilik berýär. Olar sosial ulgamlarda we gyssagly habarçylarda, mysal üçin Telegram-da we Discord-da bir wagtda ulanylyp bilner. Iri kompaniýalar we görnükli adamlar Delphi AI klonlaryny kömekçi hökmünde ulanýarlar. Olaryň arasynda Gollandiýaly DJ Sem Feldti we hindi lukmany Dipak Çoprany görkezmek bolar. Ikinjisi klonyna Zoom-da kärdeşleri bilen jaňlaşmagy tabşyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir