ABŞ-nyň iň beýik binasyna öwrüljek täze Legends Tower binasynyň guruljak meýdançasy kesgitlenildi diýip, New Atlas ýazýar. Gökdirän binanyň beýikligi 581 metr bolar, bu häzirki rekord eýesinden - Nýu-Ýorkdaky One World Trade Center-den 128 metr beýikdir. Bu bina Hytaýyň Ping An Finance Center binasyndan soň dünýä sanawynda altynjy orny eýelär. Legends Tower Oklahoma ştatynyň Oklahoma-Siti şäherinde gurlar, bu ýerde, takmynan, 700 000 adam ýaşaýar. 581 metr 1906 futa deňdir. 1907-nji ýylda Oklahoma ABŞ-nyň 46-njy ştaty boldy. Gökdirän bina üç sany kiçi diňi öz içine alar. Umuman alanyňda, dört binada 1776 ýaşaýyş jaýy, şeýle hem söwda dükanlary, güýmenje meýdançalary we myhmanhana bolar. Gurluşyga 2024-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Taslamanyň bahasy 1,6 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Legends Tower Oklahoma-Sitiniň täze gözel binasy bolar we syýahatçylaryň, işewürleriň ünsüni çeker.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir