Linçeping uniwersitetiniň (Şwesiýa) alymlary ilkinji gezek bir atom galyňlygyndaky altyn list döretdiler. Şeýle gurluş altyna täze häsiýetler berdi. Dürli ýurtlaryň alymlary atomyň galyňlygynda altyn listini döretmäge köpden bäri synanyşýarlar. Emma metalyň ýelmeşmek meýli sebäpli ähli synanyşyklar şowsuz boldy. Täze ylmy işiň awtorlary titanyň we uglerodyň gatlaklarynyň arasynda altyn goýlan üç ölçegli binýatlyk materialy ulandylar. Şeýle hem olar «Murakaminiň reagenti» diýlip atlandyrylýan ýapon demirçileriniň gadymy usulyny ulandylar, bu usul uglerod galyndylaryny aýyrýar we poladyň reňkini üýtgedýär. Alymlar iň amatly netijäni gazanmak üçin reagentiň dürli konsentrasiýalaryny we dürli täsir ediş wagtlaryny synadylar. Alymlar material aşa inçe bolanda, onda adatdan daşary üýtgeşmeleriň bolýandygyny düşündirdiler. Muňa mysal hökmünde grafeni getirdiler. Bu altyna-da degişlidir – adatça ol metal görnüşindedir, ýöne bir atom galyňlygynda ol ýarymgeçiriji bolup bilýär. Inçe altyn listler suwy arassalamak, wodorod öndürmek, kömürturşy gazyny almak we beýleki amallar üçin ulanylyp bilner diýip, Nature Synthesis habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir