Duşenbe güni Günde M klasly dört partlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutynyň Geliogeofizika gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär. M1.7 klasly birinji partlama 06:18-de (Aşg.) hasaba alyndy we 20 minut dowam etdi. Soňky partlamalar, M1.0, M2.3 we M1.2 12:32-de başlandy. Ähli partlamalar gysga tolkunly radio aragatnaşygynyň kesilmegi bilen utgaşdy. Gündäki partlamalar rentgen şöhleleriniň güýjüne görä bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň kiçi klas A0.0 Ýeriň orbitasynda 1 inedördül metr üçin 10 nanowatt şöhlelenme güýjüne deňdir. Indiki harpa geçilende güýç 10 esse ýokarlanýar. Belli bolşy ýaly, şeýle partlamalar magnit hadysasyna sebäp bolup bilýän Gün plazmasynyň koronal zyňyndylary bilen utgaşýar. Häzirki wagtda Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna täsiri we magnit meýdanyndaky gozganmalar asuda ýagdaýdadyr. Hünärmenler ýagdaýa gözegçiligi dowam etdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir