9-njy aprelde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir