«Türkmenhimiýa» döwlet konserni Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edýär. Mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir