Älemgoşar Ýene gökde älemgoşar doguldy,- Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden. Ýene başym, başym aşak egildi, Çykabilmän ýatlamalaň astyndan... Biri ýaşyl, biri sary, biri ak,- Älemgoşar ýaşlygymyň ýoly sen! Görüpdiň sen bizi munda ikiçäk, Şol dilberiň toý lybasy ýaly sen. Geçip barýar aýlar, ýyllar, gyş, ýazlar, Ýene bahar sepeleýär çagbasyn... Haýsy ýana alyp gitdi ak gazlar Ganatynda şol dildaryň nagmasyn. Bilmen, bu gün bu çal sepen başyma Ak gazlaryň ak ýelegi gaçdymy? Ýanyp köýen gursagyma-döşüme Ýene köne söýgiň közi düşdümi?! ...Ýene gökde älemgoşar doguldy, Doguldy-da eräp gitdi gözümde, Ap-ak gazlaň hatarlary bozuldy, Söýgi galdy bu dünýäniň ýüzünde! Biri sary, biri ýaşyl, biri ak, Älemgoşar, şol söýgimiň ýoly sen! Ýürek bagta ýeke pursat uçanda Şo ýürekde dogan aýdym dämi sen?! (1982) Merhum şahyrymyz Annaberdi Agabaýew
...şahyry ýatlap
-
nejepturkmen
14 years ago
- sag bol mirasymyz.ajaýyp goshgy.ajaýyp tema.shahyrlarymyzy yatlaly.yatladaly.
...Ili aglar shahyryny yat edip...
Diyyälerä...
-
Adgjmptw
14 years ago
- Köp-köp sagbol Mirasymyz! Örän ajaýyp şygyr. Men bu şygyra düzülen sazy, aýdymy halaýan. Hasam Kerim Ylýasowyñ çalýan sazyna aşyk.
-
makez
14 years ago
- gowaja goshgy eken
Camry 14 years ago- Sagja bola Mirasymyz!