Hezreti Omaryň (r.a.) aýtmagyna göpä, pygamberimiz oňa: "Hristianlaryň Isa pygambere Allahyň ogly diýişleri ýaly, siz hem meni aşa öwmäň. Men diňe Allahyň guludyryn. Sizem maňa Allahyň guly we ilçisi diýip ýüzleniň" diýipdir. Hezreti Enes (r.a.) şeýle bir wakany gürrüň berýär. Bir adam pygamberimize: – Eý, Seýýidimiz we Seýýidimiziň ogly! – diýip, ýüzlenende, Ol: "Beýle diýmäň! Şeýtan sizi nebsiňiziň ýesiri edip goýaýmasyn. Men bary-ýogy Abdyllanyň ogly Muhammet hem-de Allahyň resulydyryn" diýip, jogap beripdir. Öýünde özüni alyp barşy hem onuň biçak pes göwün adam bolandygyna güwä geçýär. "Pygamberimiz öýünde özüni nähili alyp barardy?" diýen soragy berenlerinde, Hezreti Äşe şeýle jogap beripdir: –Pygamberimiz öýüne gelende öýdäkileriň hemmesi bilen bir meňzeş mähirli görşüp çykardy. Egin-eşiginde sökülen ýeri bar bolsa özi serederdi, goýunlary özi sagardy, maşgalasyna öý işinde gerek bolan kömekleri bererdi. Özi bazara giderdi, hökman haýsy-da bolsa bir zatlar alardy, ýüküni hem özi götererdi. Daşyndaky sahabalar: "Rugsat ediň, bizem kömekleşeli" diýenlerinde olara-da: –Her kim öz ýüküni özi göterse ýagşy –diýip, jogap bererdi. Köwüşlerini hem özi ýamardy. Ýüňden eşikler geýerdi, ulag dannamazdy, hyzmatkärleriň, gullaryň çakylygyna-da giderdi. Hyzmatkärler, dul aýAllahr bilen gürrüňdeş bolup, olara kömek ederdi. Bir gün onuň ýanyna bir aýal geldi. Ol: – Ýa ResulAllah, meniň Size bir aýtjak mätäç zadym bardy – diýdi. Ol aýal garrydy, belki-de näme diýip, näme goýýanyny-da doly bilmeýärdi. Şonda-da serwerimiz özüniň her bir ynsana goýýan hormatyny oňa-da goýup: – Eý, ýeňňe, Medinäniň haýsy ýerine barmaly bolsa aýt. Saňa kömek ederis! – diýip, jogap berdi. Ol aýal çykyp gidip, Medinäniň köçeleriniň birinde otyrdy. Pygamberimiz onuň ýagdaýyny bilip, oňa gerek kömegi berdi. Enes b. Mälik (r.a.) şeýle gürrüň berýär: – Hezreti pygamber ömründe bir gezek haja gidipdi. Ol ýolda bir düýä mündi. Düýäniň howudy gaty könedi. Howudyň üstüne atylan düşek hem şeýle bir könedi welin, ony bazarda satsaň, dört dirheme-de geçjek däldi. Hezreti pygamberimiz şonda-da: – Eý, Allahm, ryýa we sumgadan (ýagny il görsün, eşitsin diýip bir iş etmekden) daş edeweri – diýip dileg edýärdi. Hezreti Jabir (r.a.) şeýle gürrüň bererdi: – Men näsagdym. Hezreti pygamberimiz şonda öz aýagy bilen öýüme gelip, halymy sorap gitdi. Pygamberimiz dirikä sahabalardan Abdylla b. Ýusr (r.a.) onuň huzuryna baranda inini tutabilmän titräp başlapdyr. Şonda pygamberimiz: – Eý, gardaş, titräp durma! Men patyşa däldirin, menem bir nanyny gury iýýän kureýşlerden bir aýalyň ogludyryn – diýdi. Bir günem ýaňky sahaba pygamberimize bişirilen goýun etini eltip beripdir. Hezreti pygamberimiz ýanyndaky musulmanlar bilen getirilen nahardan çök düşüp, iýmäge durupdyr. Şol wagtam gapydan bir çarwa adam gelipdir-de olaryň bolup oturyşlaryny görüp, geň galypdyr. Sebäbi, çök düşüp nahar iýmek ejizleriň, misginleriň, garyp-gasarlaryň edähedidi. Ýaňky adam Muhammet pygamberiň garyp-gasarlaryň oturyşlary ýaly oturyp nahar iýmesinden many alyp bilmändir. Onuň ýagdaýyny aňan pygamberimiz oňa: – Allah Tagalanyň meni keremli bir gul edip ýaradanyna şübhe ýokdur. Ol meni jepbar (islänini edýän) we keçjal edip ýaratmady diýipdir.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir