Aziýanyň iň baý adamy Gautama Adaniniň Adani Group hindi konglomeraty eýýäm 65 milliard dollar ýitirdi. Kompaniýalar toparynyň paýnamalary pese gaçýar we gymmatly kagyzlardan dynan maýadarlary köşeşdirmek üçin edilen ähli synanyşyklar islenýän netijä getirmeýär. Bu barada Reuters ýazýar. Pese gaçyşlyk geçen hepde Hindenburg Research şereketi Adani Group-y kezzaplykda aýyplandan soň başlandy. Hindenburg Research - bu korporatiw jenaýatlary derňemek bilen meşgullanýan analitik şereket. Kompaniýanyň analitikleriniň iki ýyl bäri hindi konglomeratynyň onlarça ýyllap, olaryň öz sözlerini getirmek bilen aýtsaň, “paýnamalary galp manipulirlemeklige we hasabatlarda kezzaplyk tilsimlerini ulanmaklyga” dahylly bolup gelendiklerini görkezýän subutnamalary ýygnandygyny şereketiň wekilleri tassyklaýarlar. Adani Group aýyplamalary ret edýär we derňewiň netijelerini toslama we tassyklanmadyk diýip atlandyrýar. Kazyýete berjekdigini aýdyp, haýbat atýar, ýöne Hindenburg Research beýanatyny yzyna almajakdyklaryny aýtdy. Ula giden dawa Adaniniň özüne gymmat düşdi, ol baýlygynyň bäşden bir bölegini - “Bloomberg” -iň habaryna görä, takmynan 26 milliard dollaryny ýitirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir