Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy. Bu barada guramanyň adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiniň mejlisiniň jemleri boýunça BSGG-nyň baş edarasy habar berdi. Ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüni 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri hereket edýär. BSGG-nyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus baş edarada bu pandemiýanyň "halkara jemgyýetçiliginiň saglygynyň adatdan daşary ýagdaýda bolmagyny dowam etdirýändigini" aýtdy we komitetiň teklipleri bilen ylalaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir