ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy. "2020-nji ýylda ýurtda COVID-19 sebäpli adatdan daşary ýagdaý we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. Olaryň möhleti degişlilikde 1-nji martda we 11-nji aprelde dolýar. Häzirki wagtda administrasiýa adatdan daşary ýagdaýy 11-nji maýa çenli uzaldyp, soňra adatdan daşary düzgüniň ikisini hem şol senede ýatyrmagy meýilleşdirýär"- diýip, Ak Tamyň beýanatynda aýdylýar. Adatdan daşary ýagdaýyň 11-nji maýa çenli uzaldylmagy COVID-19-a garşy hökmany çäreleriň durmuşa geçirilmegini aňlatmaýar. "Munuň üçin örtük ​​geýmek ýa-da sanjymlar etmek talap edilmeýär, mekdeplerde ýa-da iş ýerlerinde iş çäklendirilmeýär, COVID-19 bilen bagly derman serişdelerini ulanmak ýa-da testleri geçirmek talap edilmeýär" – diýip, administrasiýada düşündiriş berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir