Türkmenistanda ilkinji bolup dürli görnüşli kagyz gaplama önümçiligi bilen meşgullanyp başlan «Ýedidogan» kärhanasy polietilen torbalarynyň ulanylyşyny azaltmagy hem-de kagyz torbalaryny adamlarda endige öwürmegi, şonuň bilen birlikde, eko-medeniýetini ösdürmegi baş maksady edinýär. Önümçilikde Germaniýanyň enjamlaryny ulanmak bilen bir hatarda, Ýewropanyň ýokary hilli çig malyndan peýdalanýan «Ýedidogan» önümleriniň hil görkezijisiniň ýokary bolmagyna güwä geçýär. «Ýedidoganyň» öndüren kagyz torbalaryny ulanmak bilen müşderi näme gazanýar? kagyz torba, polietilene garanyňda owadan hem göze gelüwli; adam saglygyna we iýmite zyýansyz; tebigata zyýansyz bolup, gaýtam peýdaly, zyňylan kagyz torbalar ilkinji ýagyşda eräp, topragy iýmitlendirýär; torba hemme kişiniň elinde aýlanýar. Kagyz torba öz haryt nyşanyny basgy etdiren müşderi üçin ol gezip ýören reklama bolýar. Bu bolsa hem amatly, hem täsirli. taýýar önümler bilen müşderi köp wagtyny tygşytlaýar. Galyberse-de, dünýä tejribesini alsak, häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlar ekologiýa taýdan arassa önümçilige ýykgyn edýär. Şonuň üçin hem geljekde kagyz torbalarynyň ulanylyşynyň has-da artmagy kanunalaýyklyk bolar. 2017-nji ýylda esaslandyrylan «Ýedidogan» kärhanasy müşderilerine ýokary hilli hyzmat edýär. Her müşderä indiwidual çemeleşilýär we onuň islegi doly derejede kanagatlandyrylýar. Çykyp biläýjek meselelere bolsa, tiz wagtda çözgüt tapylýar. Kärhana habarlaşmak üçin hemişe ulgamda bolýar. Kärhana täze taýýar önümleri öndürip, satyp başlady. Ol önümler — toý-dabaralary üçin içi sowgatlykly, sadakalar üçin içi namazlykly we tesbili taýýar torbalar. Ol torbalaryň içini islege we amatlylygyna görä, dürli görnüşde üýtgedip bolýar. Toý-sadakasyny sowmak isleýän adam kärhana baryp, «meniň torbamyň içinde şu-şu bolsun» diýip görkezmedäki önümlerden saýlap göni lomaý sargyt edip gidýär. Şeýtmek bilen, myhmana näme paýlamak aladasyndan dynýar we köp wagtyny tygşytlaýar. Myhmanlar üçinem ýokary hilli we täzeçil önüm bolýar. Salgysy: Aşgabat ş., «Altyn Asyr» söwda merkezi, 10 ýyl Abadançylyk köçesi Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 47-87-66; +99362 88-53-18; +99361 50-05-82; +99361 50-05-83; +99361 50-05-26. Instagram: @yedidogankraft

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir