Internet garalama
Hekayalar, türkmen dilinde
Главная » 2021 » Июнь » 21 » Däliň oýlanmasy, ýa-da Kawaçi barada
11:52Däliň oýlanmasy, ýa-da Kawaçi barada

Украины не станет уже к марту. Всему виной возвращение этого человека
Men entek çaga wagtym asmanda bir ýerde robotlaryň uly döwletiniň bardygyny duýýardym. Göz öňüne getiriň, bulutlaryň üstinde bir ýerde äpet döwlet bar, özem ol döwletiň raýatlarynyň barsy robotlar? Men hakykatdan hem nämäni duýýanymy düýpli soň düşündim, belki size "duýýardym" sözi ýaraýan däldir? Bagyşlaň, pikirleri beýan eder ýaly başga amatly söz ýok. Her bir adam çaga wagty bir zatlary duýýar, emma öz duýgularyňy beýan eder ýaly hemişe söz ýetenok. Men çaga wagtym her tüýsli robotlar barada multfilmleri köp görýärdim, onsoň şol asmandaky taýpa meň aňymda peýda bolanda, özüne bürenmäge hiç hili düşünje tapman, özüni robotlar hökmünde tanyşdyrmaga mežbur boldy. Eger men çaga wagtym Perişdeler we Jynlar barada bir zatlar bilen bolsam, onda ol taýpa özini Perişdeler hökmünde tanş etse hem ederdi? Emma gynamsamda şol köne döwürler ol oglanlar meň kiçijek kellämdäki elýeter keşplerden robotlardan başga hiç zat tapmadylar. Onsoňam olar özlerini ýöne ýere robot şekilinde tanyşdyrmadylar, olaryň özlerini alyp barşy, hakykatdan hem robotlary ýadyňa salýardy. Olar edil robotlar ýaly erksizdiler, olar öz Baş Injineriniň ýazan programmasy boýynça hereket etýärdiler. Birje ädim çepe ýa-da saga, olara tanyş däldi. Olar adamzatdan beýik bolsalar hem, adamyňky ýaly öz erkli däldiler. Şol sebäpden olar robotlary ýadyňa salýardylar. Has takyk aýdaňda diňe öz hereketleri bilen robitlara meňzeýärdiler, hakykatda bolsa olaryň haýsy materýaldan ýasalandygyny men şu wagt hem bilemokdym. Maňa diňe olaryň pikirleri tanyşdy, olaryň pikirleri bolsa örän geňdi. Ol robotlar adamlar bilen hakyky Perişdeleriň dünýäsiniň arasynda ýaşaýardylar, ol oglanlara Perişdeleriň kömekçileri diýseň hem bolýar, belkide olar perişdeleriň ýasan robotlarydyr? Olar kim bolsalar hem özlerini Perişdeleriň bir bölegi hasap edýärdiler. Meň kellämde her tüýsli bilimiň artmagy bilen, ol oglanlar özleri barada şonçada köp habar bermäge mümkinçilik alýardylar. Olar meň kellämde ýok bolan düşünjeden artikmaç düşünjäni, kelläme guýup bilenoklar. Olar maňa bir zady düşündirjek bolsalar, hökman maňa tanyş keşpleri ulanmaly bolýardylar. Men bolsa öz kellämdäki keşipleriň sanyny köpeltjek bolup, her tüýsli fantastiki eserleri okaýardym. Men fantastikany näçe köp okasam, şonçada ol oglanlaryň aýdýan zatlaryna gowy düşünýärdim.

Meni köpden bäri başga bir pikir günime goýanok. Jennet diýilýän ýerde her bir adam üçin 70 sany owadan gyz peşgeş beriljekmişin, onsoň şol gyzlar üçin Jennetden diýen zat 70 sany gyzyň biri bolmakmyka? Eger şeýle bolsa Jennet diýen zat, gyzlar üçin 70 bolup bir äri paýlaşmak bolýarmyka? Aýal gyzlar üçin döredilen Jennet barada habara men entek gabat gelip göremok, emma ýüregim syzýar, aýallaryň Jennedi hem edil erkekleriň Jennedi ýaly bolmaly, ýöne ol ýerde 70 sany gyzyň ýerine şonça ýaş oglan bolmaly. Onsoň kimdir birine şol bir ýer Jennet, a kimdir birine bolsa dowzah bolmalymy? Elbetde beýle däl, eger beýle däl bolsa, onda Hudaý her bir Jennede mynasyp adama, 70 sany guly nireden almaly? Jogap ýönekeý, ol gullaryň barsy robotlar, hiç hili erksiz we pikirsiz robotlar. Ýöne biz adamlar hiç zady duýmaz ýaly, adama örän meňzeş edip ýasalan robotlar. Ol robotlar özlerini edil hakyky gyzlar ýaly alyp baryp bilýärler, olar bilen jynsy gatnaşyk amala aşyrsaň hem bolýar we hiç haçan olaryň hakyky gyz däldigini anyklap bilmeýäň. Edil şol Jennediň robot gyzlary ýaly, asmanda bir ýerde taýpa ýerleşýär, ol taýpa Perişdeler hem diýseň bolýar. Ol taýpaň guran döwletleriniň içinden adamzadyň pikirleri parran geçýär. Adamlaryň edýän pikirleriniň we öndürýän duýgularynyň barsy, damjama damja şol robotlaryň dünýäsiniň içinden geçýär we has ýokaryk göterilýär. Men entegem ol oglanlara robotlar diýýän, sebäbi şeýle düşünje olaryň häsýetini has dogry açýar. Olaryň dünýäsinde ýörüte kompýuterler bar we ol kompýuterler adamlaryň dünýäsini dolandyrýar, emma olar hemişe adamlaryň dünýäsine goşylanokdylar. Bir döwürler olar ýokarda öz erkine ýaşap ýördüler, elbetde olar aşakda bir ýerde adamlaryň köpelip ýörendigini bilýärdiler, ýöne bize känbir üns berenokdylar. Ine şeýle gowy günleriň birinde, şol robotlaryň dünýäsinde hakyky tebigy betbagytçylyklar başlady, elbetde olaryň dünýäsiniň tebigatyna degişli betbagytçylyklar. Olaryň tebigatyna düşüner ýaly, bizde entek hiç hili keşipler ýok. Onsoň ol robotlar öz dünýäsiniň näme üçin weýran bolýandygynyň sebäplerini gözläp başladylar we iň soňynda biziň dünýämize geldiler. Robotlaryň dünýäsi adamlaryň dünýäsi bilen Hudaýyň dünýäsiniň arasynda dur. Şonuň üçin adamlaryň ähli ýaramaz gowy pikirleri olaryň dünýäsiniň içinden geçýär we köplenç ýaramaz pikirler olaryň dünýäsine düýpli zyýan ýetirýär. Adamlaryň adaty ýaramaz pikirleri, asmamda bir ýerde uly bir döwleti ýakyp ýandyryp barýar. Onsoň şol döwletiň raýatlary aşak düşüp, biziň dünýämizi öz dolandyrşyna almaly bolýarlar. Her bir adam örän güýçli habar beriş serişdesi, adamyň beýnisiniň döredýän tolkunlara gös göni Hudaýyň Huzuryna baryp ýetýär, emma Hudaýyň Huzury bilen adamzadyň arasynda bir giden başga taýpalar bar, şol taýpalaryň biri bolsa robotlar, men ol taýpaň adyny "Kawaçi" diýip tutýan. Adamlar olara örän köne döwür şeýle at dakypdyrlar, olaryň özleri maňa boýun aldylar.

Kawaçi diýilýän taýpaň iň birinji agzasy bilen men iň birinji gezek tanyş bolamda, olar maňa örän geň zatlary düşündirdiler.

—Biz adamzadyň ykbalyny dolandyrmaga ukyply, —maňa Kawaçi şeýle diýdi. —Adamzady dolandyrýan informasyýa asmanyň iň ýokarky gatlaklaryndan gelýär, biz bolsa ýorkardan aşak sanaňda 3-nji gatlak ýaşaýarys. Biz Hudaýdan gelýän dolandyryş informasyýany üýtgedip bilýäs, emma doly möçberde däl. Hudaýyň özi bize üýtgetme girişdirmäge rugsat berdi. Ýöne bizi başga bir zat alada goýýar, Hudaýdan gelýän dolandyrş informasyýasy biziň döwletimize hiç hili zyýan ýetirenok. Emma bize adamlaryň öndürýän duýgylary uly zyýan ýetirýär. Ol duýgylar hem hökman zeminden asmana göterläýmeli, her bir adamyň öndürýän duýgylary gije gündiziň dowamynda asmanda diňlenilýär.

—Meň hem duýgylarym diňlenilýärmi? —Men şonda sorag beripdim.

—Elbetde, —diýdi Kawaçi, seň we sen ýalylaryň duýgylary has wajyplyk bilen diňlenilýär. Sebäbi sen ýalylaryň ters duýgularyň biziň dünýämizi ýakyp ýandyryp barbar. Seň habar beriş serişdäň has güýçli işleýär, —Kawaçi öz demir barmaklary bilen meň kelläme görkezdi. —Onsoň biz seň ters duýgularyňy baglamaly bolýas.

—Siz duýgylary nädip baglaýaňyz? —Men soradym.

—Men saňa nädip ýaramaz duýgulary baglaýşymyzy aýtmazdym, emma bizde başga çykalga ýok, sen hakykady bilmeseň, biziň dünýämize öňkiden beter zyýan ýetirýäň. Sen şony bilýäňmi?

Men ýok diýip başymy ýaýkadym. Nähili geň bolsada men şol gün awtobuzda köne jygyldykdan gelärdim we bary-ýogy 10-12 ýaşymdadym. Nädip beýle gysga wagtda beýle uzak gürrüň edip bilenime şu wagt hem düşünemok.

—Öz geýimleriňe seret, —Kawaçi maňa ýüzlendi.

Men özümi bilsem hem ýene bir gezek özüme seretdim. Egnimdäki hiç bir eşik meň özümki däldi. Olar sal saldy, ýamalandy, garyndaşlaryň kimdir biriniň öň geýip çykaran eşikleridi.

—Bularyň barsy biziň işimiz? —Kawaçi men öz üstimi synlap bolynçam garaşyp, maňa ýene ýüzlendi. —Saňa täze geýim geýmek bolanok, gynansamda sen ömrüň soňyna çenli täze geýim geýmersiň, sen mydama başga adamlardan artan zatlary geýmeli bolarsyň.

—Näme üçin? —Men bir tüýsli gaty gören äheňde soradym, özem maňa ýüzlenýän melgunyň, nädip meň ykbalyma beýle täsir edip bilşine geň galdym.

—Jogap berme beýle aňsat däl, onsoňam men jogap bermek üçin diňe seň kelläňdäki keşiplerden peýdalanmaly bolýan. Nähili bolandada jogaby al: Seň ters pikirleriň biziň dünýämizi ýakyp ýandyryp barýar, seň ýekeje özüň biziň bir şähermizi otlamaga ukyply. Sen özüňi başga adamlardan üýtgeşik hasap edýäň, akylly hasap edýäň, özem sende özüňi beýle hasap eder ýaly hiç hili esas ýok. Sen näme üçindir öz özüňe diýseň buýsanýaň, egniňde täze geýim bolsa, seň buýsanjygy güýçlendirýär. Onsoň biziň dünýämiz seň şeýle pikirleriňe çydap bilenok, biz saňa buýsanç duýgysyny şöhlelendirmäge rugsat berip bilemzok. Seň buýsananyňdan, hasrat çekeniň müň esse peýdaly. Dogrymy aýtsam biziň döwletimiz sen ýaly adamlaryň ýaramaz duýgylaryndan goranmak üçin bir giden enjamlary oýlap tapdy. Biz şeýle ýaramaz duýgulary şol bada petiklemegi başarýas. Sen bize düşün, biz diňe öz döwletimizi goramaly bolýas, bizde adamzada ýigrenç ýok.

—Men näme ömrümiň soňyna çenli şeýle geýimlerde gezmeli bolarynmy? —Men şol wagt çagaň berýjek soragyny berdim.

—Hawa, —jogap berdi Kawaçi. —Her bir adam öz durmuşynda bir zat toplaýar, kimdir biri pul toplaýar, kimdir biri tanyş toplaýar, käbir adamlar bolsa gyz toplaýarlar, ine sen diňe bilim toplaýaň, bilim diýen zat bolsa iň aňsat toplanýan we mugut zat. Bilimi adamdan alyp bolanok. Puly, häkimýeti we başga zatlary adamdan alyp bolýar, emma bilimi adamdan hiç haçan alyp bolanok. Şol sebäpden bilim toplaýan adam, mydama özini başga adamlardan beýik hasap edýär. Şol sebäpden sen oglanjyk özüňi mydama başga adamlardan beýik hasap edersiň. Beýikligiň döredýän duýgylary bolsa, biziň dünýämiz üçin örän zyýanly, sen gaty görme oglanjyk, ýöne biz seni mydama kemsiner ýaly etmesek bolanok. Biz seň ýeke özüň üçin öz dünýämizde ýörüte bölüm açdyk we ýörüte enjam seň duýgularyňy gije gündiz ölçeýär we seň duýgularyňda buýsançlyk artyp başlasa, biziň ýörüte kompýutermiz seni kemsidýän programmalari işe girizýär. Haçan sen öz duýgularyňy tertibe salanyňdan soň biz öz enjamlarymyzy öçüreris, ýöne meň iş taryhymda entek ýekje gezek hem beýle zatlar bolmandy.

Kawaçi atly oglanlar şu wagt hem meň pikirlerimde aram aram peýda bolýarlar. Ol oglanlaryň enjamlary we kompýuterlary mende döreýän zäherli duýgylary şu wagt hem bloklaýarlar. Men ol enjamlaryň işleýşini duýýan, dogrysy men ol enjamlaryň diňe bir özümde dälde, eýsem meň gapdalymdaky adamlarda hem işleýşini duýýan. Sebäbi Kawaçi diýilýän oglanlar, diňe bir buýsanç duýgylaryny bloklanoklar, olar görüplik we gysgançlyk ýaly duýgylary hem bloklaýarlar. Häzirlikçe ol oglanlar zäherli duýgulary diňe betbagytçylygyň üsti bilen bloklamagy başarýarlar. Adam görüplikden köseneninden başga bir zatdan köseneni gowy, görüplik Asmandaky döwletleri ýakyp ýandyryp barýar. Dogrysy ýaramaz duýgularyň barsy asmany ýakyp ýandyryp barýar. Onsoň asmanyň ýaşaýjylary öz dünýälerini halas etmek üçin ýerdäki duýgularyň çeşmelerine her tüýsli keselleri we betbagytçylyklary ugratmaly bolýarlar. Kawaçi diýilýän oglanlar kim bolsalar hem, olar diýseň kuwwatly taýpa. Olar maňa beren sözlerinde tapyldylar, men şu wagt hem täze geýim geýip bilemok, sebäbi täze geýim geýsem meň ruhym göterilýär, özimi bir tüýsli üýtgeşik hasap edip başlaýan, ýöne şol bada Kawaçiň guran ulgamlary öz işlerine başlaýar, netijede meň göwnüme kimdir biri degip, meni kemsidýär, meni özüme ölüm dilär ýaly derejä eltýär, ýa-da mendäki täze geýime bir zat bolýar, ýyrtylýar, hapalanýar we şoňa meňzeş. Örän kuwwatly taýpa olar, men 40 ýaşymda bolsam hem, özüme täze geýim alyp geýip bilemok...
Soňy.
Aşgabat: 21.06.2021
Rahman Zulfikarow © 2022 |

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir