31-nji ýanwarda Kaliforniýanyň Los-Anjeles şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Grammy amerikan aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy koronawirusyň ýaýramagy sebäpli näbelli möhlete yza süýşürildi. Bu barada Milli sungat we ses ýazgysy ylymlarynyň akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.
“Şäher we ştat häkimiýetleriniň, saglygy goraýyş we howpsuzlyk pudagyndaky hünärmenleriň, ýerine ýetirijiler toparynyň we köp sanly hyzmatdaşlarymyzyň gatnaşmagynda ýagdaý düýpli gözden geçirilip, seljerilenden soň ses ýazgysy akademiýasy we CBS teleýaýlymy Grammy baýragynyň 64-nji ýyllyk gowşurylyş dabarasyny soňa goýdy. Omikron-ştammynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly näbellilikleri göz öňünde tutsaň, 31-nji ýanwarda dabarany geçirmek töwekgelçilikli bolar” – diýlip, habarda görkezilýär.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, çäräni geçirmegiň täze senesi soňrak belli ediler. Grammy baýragy üçin sazandalar 85 nominasiýada, şol sanda iki sany täze – dünýä aýdym-sazynda “Iň gowy global aýdym-saz çykyşy” we latyn amerikaly ýerine ýetirijiler üçin “Iň gowy şäher albomy” kategoriýalarynda bäsleşerler.