Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze – 2022-nji ýyly maşgala agzalary bilen agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen garşylady.
Milletiň Lideriniň agtyklary özleriniň şatlygy, täze döredijilik işleri we ýakymly pursatlar bilen mähriban atasyny begendirdiler. Munuň özi agzybirligiň beýik nusgasyny görkezýän bagtyýar maşgalanyň Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy çeper döredijilik bilen meşgullanyp, özüniň “Türkmen nepisligi” atly surat eserini atasyna bu nurana baýramçylyk mynasybetli sowgat etdi.
Soňra hormatly Prezident sanly ulgam arkaly hemmelere ýetip gelen 2022-nji ýyl bilen ýene bir gezek gutlag sözlerini ýetirdi.
Milletiň Lideri her bir maşgala ojagyna rowaçlyk we bagtyýarlyk, her bir ynsanyň ýüreginde beslän nurana arzuwlarynyň täze ýylda hasyl bolmagyny arzuw etdi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany täze döreden eserini ilki bilen maşgala agzalaryna okap berdi.
Hormatly Prezidentiň agtygy Kerim atasynyň goşgy okaýan pursady täze döreden sazyny çaldy. Şeýle hem Kerim tutuş ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň, ähli adamlaryň Täze ýyl baýramyna sowgatly gelýändigini aýdyp, özüniň hem bu nurana baýramçylyk mynasybetli ýene bir täze saz eserini döredendigini habar berdi we ony atasyna çalyp berdi.
Munuň özi birnäçe ilhalar eserleri, belent owazly aýdymlar üçin joşgunly goşgulary döreden atasyndan görelde alýan agtygyň nusgalyk mekdebi dowam edýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyly maşgala agzalary bilen garşylady
-
sapalybegenjow000000
2 years ago
- Natanys adam
Howwa
Nätänyş adam 2 years ago- Oyunde garsyladymyka