Kän garaşdym ýollaryňa gelerňe,
Kän göreşdim bu söýgimi bilerňe,
Kän daraşdym "meni" söýýän diýerňe,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Söýgim bilen çykdyň meniň kastyma,
Ykbalymy taşlap aýak astyna,
Şek ýetirdiň, peder halal aslyňa,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Ýüzüň öwrüp munda, etme bahana,
Bagt barmy päk söýgini satana?!
Nebsiň öňe, gidip düşdüň gapana,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Neçün söýenleri söýmeýar ynsan,
Goýup päk söýgüniň ýüzüne nogsan,
Ynsan ogly bagtsyz galjakmy ýogsam,
Ynamymy, ödemediň, bilmediň.

Gurbanmämmet MEREDOW.

IMO-da bize goşuluň we her gün täze goşgulary okaň we olary dostlaryňyz bilen paýlaşyň.
Bize goşulmak üçin +99368232121 telefon belgisini dobawit etseňiz bes!

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir